Türkmenistana jaň etmek we SMS ibermek

Cum, 24/07/2009 - 16:19 tarihinde bayjan gönderdi
Yazıcı-dostu sürümPDF

Türkmenistana jaň etmek üçin birnäçe internet telefon hyzmatlary bar. Olardan birnäçesi:

  • internetcalls.com
  • voipwise.com
  • voipstunt.com
  • lowratevoip.com
  • voipbuster.com
Günde 2 sany SMS-i mugt ibermek üçin hem www.wadja.com salgysyny ulanyp bilersiňiz.
Ýatlatma: Türkmenistana jaň etmek üçin ilki bilen 00 soňra 993 soňra jaň edýän şäheriňiziň ýa-da etrabyňyzyň belgisi (xxx) soňra-da jaň etjek belgiňiz (xxxxx).
Ägä boluň!
Bu sahypa öňräk ýazylypdy şonuň üçin käbir peýdaly boljak maglumatlary goşmak isleýäris:
  1. Ýokarda ady geçen we ýene-de birnäçe firmanyň aslynda hyzmatyny BetaMax diýilýän firma alyp barýar.
  2. Beýlekilerini bilmedim welin şu aşakdaky firmalar puluňyzy alyp soň hasabyňyzy doňdur bilýär we netijede hiç ýere jaň edip bileňizok. Elbetde hemme kişä gabat gelmese-de size gabat gelip biler maňa bularyň käsiniň gabat gelişi ýaly. Şonuň üçin hem aşakda maňa we tanyşlaryma gabat gelen firmalary ýazdym.Mundan gaty ägä boluň! Çünki jaň edip hiç kime ýetip bolanok! Üstünden dawa açaýyn diýseňiz hem gazanmagyň ýerine ýitirme ähtimallygyň köp, sebäbi 10 ýewrony yzyna alaýyn diýip hukukçynyň maslahatyny alaýyn diýseňiz oňa-da 50 ýewro töweregi tölemeli bolýar :(.
Ine ol firmalar:
  • poivy.com
  • actionvoip.com
  • intervoip.com
  • calleasy.com
  • nonoh.net

1 yorum

Käbir firmalar indi oňat hyzmat berýär

bayjan tarafından Sal, 28/12/2010 - 13:13 tarihinde gönderildi.

Şu ýokarda ady agzalan firmalardan actionvoip.com, poivy.com we intervoip.com belli bir wagtdan soň işläp başlady. Beýleki firmalary barlamadym ýöne indi düzelendir diýip çak edýän.