Çaý we kofe "ýürek agrysyna garşy goraýar"
| Gollandiýada geçirilen 13 ýyllyk barlagyň netijesine görä günde birnäçe käse çaý ýa-da kofe içmek ýürek agrysyna garşy goraýamyka diýlip çak edilýär. | ![]() |
40 müň adamda geçirilen barlaglara görä günde 6 käseden köp çaý içýänlerde ýürek agrysy bolma ähtimallygyny üçde-bir azaldýar. Günde 2-4 käse kofe içmek hem ýürek agrysyny azaldýar. Başga bir barlaga görä bu azalma 20% töweregidir.
Ellen Mason (Britaniýanyň Ýürek Guramasynda ýokary derejeli kardiolog) şeýle diýýär: "Bu ylmy-barlag kadaly derejede çaý we kofe içmegiň saglyga zyýanly däldigi baradaky maglumatlara goşant goşýar. Elbetde ýüregiňi oňat ýagdaýda saklamaga gezek gelende umumy ýaşaýyşymyzy saglykly görnüşde alyp barmak iň esasysydyr. Kofeniň ýanynda çilim hem çekseňiz onda kofeniň ähli saglykly tarapy ýok bolar, ýa-da telewizoryň öňünde birnäçe sagatlap çaý içip hiç maşk etmezlik siziň ýüregiňizi goramaga hiç goltgy bermese gerel"
- bayjan's blog
- Yorum yazmak için giriş yapın veya kayıt olun
- 3235 okunma
