Belgýada okuw

Pzr, 11/10/2009 - 22:09 tarihinde bayjan gönderdi
Yazıcı-dostu sürümPDF
Belgiýada okuw okamak barada maglumat

Ýurduň ady:

Belgiýa

Ýerleşýän ýeri:

Günbatar Ýewropa

Meýdany:

30 müň 528 km2

Ilaty:

10 milýon 665 müňden gowrak (2008-njy ýyldaky çaklamalara görä)

Paýtagty:

Brýussel

Dili:

Fransuz dili, Golland dili we German dili

Ykdysatyýeti:

Ösen ykdysadyýeti bar. Kişi başyna düşýän ýyllyk puluň mukdary boýunça dünýäde 17-nji.

Näme üçin Belgiýa?

  • Her bäş talypdan biri daşary ýurtly
  • Okamak üçin birnäçe halkara derejesinde iňlis dilinde programma bar
  • Alynan ýokary bilim dünýäniň ähli ýerinde kabul edilýär
  • Okuwyň gapdalyndan beýleki Ýewropa döwletleriniň köpüsinde boluşy ýaly işleme mümkinçiligi bar

Haýsy ugurlarda okamak amatly:

  • Kompýuter tehnologiýasy
  • Biomedisina we biotehnologiýa
  • Medisina
  • Agronomçylyk
  • Tekstil tehnologiyýasy
  • Ýer baradaky ylymlar
  • Matematika we statistika
  • Sungat ugurlary

Ýokary okuw derejeleri:

  • Uniwersitet (Bakalawr) derejesi -3 ýyl
  • Masterlik derejesi -2 ýyl
  • Doktorlyk derejesi – 3-4 ýyl

Okuw jaýlary barada:

http://www.studyinbelgium.be/start.php?lang=en&rub=8

Ýokary okuw jaýlaryna gerek bolan dokumentler:

Umuman alanyňda gerekli bolan dokumentler Şwed uniwersitetleriniňki ýaly has giňişleýin maglumatlar aşakda berilendir.
  • Uniwersitetlere giriş üçin gerekli dokumentler edil beýleki Ýewropa döwletleriniňki ýaly (giňişleýin maglumatlar üçin Şwed uniwersitetlerine gerekli bolan dokumentler serediň.)
    Goşmaça maglumatlar üçin: http://www.studyinbelgium.be/start.php?lang=en

Okuw we ýaşaýyş üçin pul:

Ýewropa birligi we EEA birligine degişli bolmadyk döwletleriň raýarlaryndan (çagny bizden hem) ýyllyk okuw puly 1500 ýewro töweregi bakalawr derejesi üçin we 2000 ýewro töweregi masterlik üçin. Ýaşaýyş puly bolsa aýlyk ortaça 600-700 ýewro töweregi.

Stipendiýa(lar):

Erasmus Mundus stipendiýasyndan we TACIS stipendiýalaryndan peýdalanyp bilersiňiz. Doktorlyk derejesi we ylmy gözleg üçin bolsa uniwersitetleriň web sahypalaryna nazar aýlaň.

Ýaşaýyş ýeri barada maglumat:

Aýlyk jaý kireýi 250-350 ýewro arasy.

Saglyk ätiýaçlandyrmasy barada:

Belgiýada galmaga rugsat almak isleýän kişileriň saglyk ätiýaçlandyrmasy almasy gerek.

Wiza:

  1. Uniwersitetden kabul edilendigiňiz barada çakylyk haty.
  2. Ýeterlik derejede puluňyzyň barlygynyň subutnamasy, ýagny her aý iň azyndan 750 ýewro tölär ýaly ýagdaýyňyzyň barlygy
  3. Saglyk ýagdaýyňyz barada dokument

Goşmaça maglumatlar üçin: http://www.diplomatie.be/en/travel/visa/visumFicheDetail.asp?TEXTID=43169

Ilçihana barada maglumat:

Türkmenistanyň raýatlaryna wiza berýär. Ýöne az wagtlaýyn wiza üçin Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutmaly.

Goşmaça maglumatlar

Pul birligi

€ = ýewro

Uniwersitetler barada goşmaça maglumat:

http://www.studyinbelgium.be/start.php?lang=en&rub=8

Daşary ýurtda alynan ylmy derejeleriň kabul edilişi barada maglumat:

http://www.cfwb.be/Naric (Fransuz bölümi üçin) we http://www.ond.vlaanderen.be/hogeronderwijs/NARIC/default.htm (Golland bölümi üçin)

Ýewropada okamak barada maglumat berýän saýt:

http://www.eurydice.org

Halkara talyplaryň başga döwletleriň uniwersitetlerinde okamagyna kömek edýän gurama:

http://www.isep.org/index.html

Ulanylan çeşmeler


  1. Wikipedia: www.wikipedia.org
  2. Belgiýada okuw okamak barada maglumatlar: http://www.studyinbelgium.be/start.php?lang=en
  3. Erasmus Mundus stipendiýasy barada: http://eacea.ec.europa.eu/erasmus_mundus/index_en.php
  4. TACIS stipendiýasy barada: http://www.eea.europa.eu/about-us/TACIS/index.html
  5. Rus dilinde maglumatlar: http://www.diplomatie.be/moscowru/default.asp?id=31&mnu=31