Türkmen kiçi blog saýtlaryna syn
Öň hem belleýşim ýaly iki sany mikro blog (kiçi blog) web saýtlary barada gysgaça ýazmakçy. Türkmenleriň uly bolan iki sany mikroblog (kiçi blog) web saýtlary barada maglumat ýazmakçy. Ol iki web saýt www.talyplar.com we www.teswirler.com.
Bu saýtlardan alynyp bilinen jemi HTML sahypalarynyň sany: 68529
Olaryň www.talyplar.com saýtyna degişli sahypa sany: 24694
Olaryň www.teswirler.com saýtyna degişli sahypa sany: 43835
Şu ýerde bellemeli zat www.teswirler.com saýtyndan men hemme sahypany alyp bilmedim, ýöne ýalňyşmasam köp bölegini aldymmykam diýýän.Bu geçirilen barlagda men HTML sahypalaryny türkmençemi ýa-da dälmi diýip ikä aýyrmak islemedim. Onuň iki sebäbi bar: birinjisi faýllaryň sanynyň has köplügi, has takygy 68529, ikinjisi bolsa sahyplary dillere görä aýyrýan programma has ynamdar işlänok we gaty köp wagt alýar. Elbetde bular kiçi blog saýtlary bolansoň (bu diýmek bu saýtlar kiçi diýmek däl, aslynda bular türkmen dilinde bar bolan iň uly blog saýtlary) her ulanyjy bir hiliräk ýazýar we orta çykan web sahypalary hem käwagtlar kada-kanuna gabat gelmeýän sahypalar bolup bilýär. Diňe tekstleri almak islesemde bir giden HTML kodlary hem bar bolan bir faýl aldym soňunda we ondaky jemi setir sany 50 milýon töweregi. Soňra gereksiz HTML kodlaryny we köp gaýtalanýan gereksiz setirleri aýyrdym. Galan ähli teksti jemleseň takmynan 30 milýon töweregi setir. Käbir setirlerde diňe bir söz ýa-da san hem bolup bilýar. Kähalatlarda bu setirlerde entägem diňe HTML kodlary hem bolup bilýär, ýöne bularyň sany indi onça köp däl. Faýllar gaty uly bolany üçin çak edilneninden has köp wagt aldy. Ynha bu gün (7-nji iýun 2011-nji ýyl) indi netijeler aşakda .
Maglumatlar
Bu saýtlarda iň köp gaýtalanýan sözler barada gysgaça maglumat.
| Orny | Gaýtalanma sany | Söz |
|---|---|---|
| 1 | 65955 | bir |
| 2 | 60088 | bilen |
| 3 | 51940 | talyplar |
| 4 | 49601 | online |
| 5 | 49338 | network |
| 6 | 47780 | jogap |
| 7 | 46467 | men |
| 8 | 37931 | saýtda |
| 9 | 37445 | up |
| 10 | 37286 | Kimler |
| 11 | 37243 | düzgünleri |
| 12 | 37118 | Bu |
| 13 | 37095 | by |
| 14 | 36372 | All |
| 15 | 36338 | Rights |
| 16 | 36330 | Reserved |
| 17 | 36329 | Powered |
| 18 | 36327 | ©2009-2011 |
| 19 | 36326 | VeriLoftUlanyş |
| 20 | 35721 | talyplar.com |
| 21 | 34667 | jogaplar |
| 22 | 34312 | turkmençe |
| 23 | 34072 | hem |
| 24 | 33660 | kim |
| 25 | 30760 | bu |
| 26 | 30158 | biz |
| 27 | 30014 | bol |
| 28 | 29636 | sen |
| 29 | 27780 | bolsa |
| 30 | 27012 | türkmençe |
| 31 | 26848 | türkmenistan |
| 32 | 26595 | Soňky |
| 33 | 26561 | hakynda |
| 34 | 26554 | aragatnaşyk |
| 35 | 26552 | Gunça |
| 36 | 26318 | sahypa |
| 37 | 26187 | duran |
| 38 | 26116 | surat |
| 39 | 25947 | internet |
| 40 | 25711 | tarapyndan |
| 41 | 25567 | $u |
| 42 | 25552 | howa |
| 43 | 25313 | hak |
| 44 | 25284 | saz |
| 45 | 25187 | Agza |
| 46 | 25117 | Oglan |
| 47 | 25074 | yazyn |
| 48 | 25062 | etde |
| 49 | 25041 | Soňky |
| 50 | 24942 | agzalaryn |
| 51 | 24930 | talyplar.com-da |
| 52 | 24925 | |
| 53 | 24922 | suratlary |
| 54 | 24887 | Nury |
| 55 | 24854 | dowamy |
| 56 | 24845 | Suratlarda |
| 57 | 24844 | yslam |
| 58 | 24827 | wideo |
| 59 | 24820 | tap |
| 60 | 24793 | |
| 61 | 24756 | Bagyr |
| 62 | 24735 | artogrul |
| 63 | 24729 | maglumaty |
| 64 | 24725 | Regaib |
| 65 | 24722 | hukuklary |
| 66 | 24718 | Taryhdan |
| 67 | 24697 | dykgatyna |
| 68 | 24681 | Jygyllyk |
| 69 | 24679 | birugsat |
| 70 | 24674 | hojalygy |
| 71 | 24658 | habarlary |
| 72 | 24655 | portaly |
| 73 | 24654 | Yagsylyk |
| 74 | 24650 | Gir |
| 75 | 24649 | analizler |
| 76 | 24648 | Cafe |
| 77 | 24647 | usyly |
| 78 | 24646 | pursatlary |
| 79 | 24645 | okalanlar |
| 80 | 24645 | arhiwi |
| 81 | 24644 | rss:xml |
| 82 | 24642 | Tutulanlar |
| 83 | 24642 | Banner |
| 84 | 24640 | suratlarymyz(385):(Bravo) |
| 85 | 24640 | agzanyn(26):(zumerchi) |
| 86 | 24640 | 27(16):(Auditor) |
| 87 | 24570 | talyplar.com-a |
| 88 | 24490 | Patron |
| 89 | 24336 | galkin |
| 90 | 22977 | türkmenistan |
| 91 | 22917 | sahett |
| 92 | 22882 | Gunça (ýokardakydan encoding-i tapawutlymyka diýýän) |
| 93 | 22843 | Yolotenli |
| 94 | 22744 | dirtydevil |
| 95 | 22181 | gowy |
| 96 | 21848 | name |
| 97 | 21792 | edip |
| 98 | 21727 | Tourist |
| 99 | 20399 | üçin |
| 100 | 20334 | muzazzi |
Bu ýerden hem görnüşi ýaly käbir sözleri ýazmak üçin türkmen harlplaryny kän ulanyp hem duramyzok. Döwlet saýtlary bilen deňesdireniňde bolsa bu saýtlarda rus sözleri dälde eýsem iňlis sözleri has köp gabat gelýär, ýöne umuman alanyňda bu saýtlarda ýazylanlaryň aglabasy türkmen dilinde.
Bu iki saýtdan gerekli bolan maglumatlar 2-nji, 3-nji we 4-nji iýun 2011-nji ýylda toplanyldy.
2 comments
setirleriň uzynlygy...
diýeli ol bloglarda ýazylan ýazgylar ortaça 10pt ulylygynda ýazyldy diýeli... birem setir aralygy hem ortaça 5pt diýip apsak... microsoft wordda zoom-y 100% edip ölçäp görenimde her setir 1cm ýer tutýar ekeni.....
indi geleli baýjanyň hasaplan setirlerine... 18 million töweregi bolsa olam 18 million cm bolýar...
1 km = 1 000 m = 100 000 cm
18 000 000 cm = (18 000 000) / (100 000) km = 180 km
180 km-lik tekstlar ýazylypdyr diýmek...
Setir sany edil onuň ýaly köp bolman biler
Baýram dogry eger ýazylan ýazgylary kagyza çap etsen has köp ýer tutardy. Ýöne şulary hem ýatladaýyn her setir uzynlygyna doly däldi. Käbir setirlerde mysal üçin diňe 2 harply "OK" diýen ýaly sözler hem bardy. Onuň ýaly setirleri birleşdirseň we käbir setirlerdäki HTML kodlarynyň hem "gümüni giýseň" ine şonda 15 milýon töweregi doly setir galarmyka diýip çak edýän.