Türkmen döwlet web saýtlaryna syn

Submitted by bayjan on Sat, 04/06/2011 - 14:59
Printer-friendly versionPDF version

Irden bäri türkmen döwlet web saýtlaryna "nazar aýlaýyn" diýip ýördüm we soňunda elim degeninden toplan maglumatlarymy paýlaşaýyn diýdim. Bu ýerde berlen maglumatlar aşakda berilen web salgylaryndan alyndy we bu saýtlardaky ähli sahypalary alyp bilmesem-de berilen maglumatlar takmynan 70%-80% töweregi dogry diýip kabul edilip biliner. Meniň asyl maksadym şuňa-muňa pitjiň atmak ya-da taryplamak däl, eýsem diňe toplan maglumatlarymy paýlaşmak. Çünki meniň şu ýönekeýje web saýtymda hem sanasaň has kemçilik köp ýöne şu ýönekeýje saýt hem käwagtlar işlemelisi ýaly işlemän "kelläni agyrdyp" bilýär. Şonuň üçin hem bu ýerde berilen maglumatlar dikeldiji (konstruktiw, gurnaýjy) maksat bilen berilendir, ýagny bu maglumatlaryň käsi bu web saýtlaryň has hem oňat işlemegine goldaw berer.

Ulanylan web saýtlar:

  1. http://www.ashgabathyakimlik.gov.tm
  2. http://www.avaza.gov.tm
  3. http://www.avia.gov.tm
  4. http://www.cci.gov.tm
  5. http://www.construction.gov.tm
  6. http://www.culture.gov.tm
  7. http://www.customs.gov.tm
  8. http://www.dayhanbank.gov.tm
  9. http://www.economy.gov.tm
  10. http://www.exchange.gov.tm
  11. http://www.garagumbank.gov.tm
  12. http://www.gokgushak.gov.tm
  13. http://www.insurance.gov.tm
  14. http://www.minagri.gov.tm
  15. http://www.mincom.gov.tm
  16. http://www.minenergo.gov.tm
  17. http://www.minfin.gov.tm
  18. http://www.minpromstroy.gov.tm
  19. http://www.mintradefer.gov.tm
  20. http://www.minwater.gov.tm
  21. http://www.natureprotection.gov.tm
  22. http://www.nebitgazhyzmat.gov.tm
  23. http://www.obahyzmat.gov.tm
  24. http://www.oilgas.gov.tm
  25. http://www.presidentbank.gov.tm
  26. http://www.railway.gov.tm
  27. http://www.saglykhm.gov.tm
  28. http://www.socialsecurity.gov.tm
  29. http://www.stat.gov.tm
  30. http://www.strateg.gov.tm
  31. http://www.tasa.gov.tm
  32. http://www.tax.gov.tm
  33. http://www.tbbank.gov.tm
  34. http://www.tdh.gov.tm
  35. http://www.tngizt.gov.tm
  36. http://www.tourism-sport.gov.tm
  37. http://www.turkmenatlary.gov.tm
  38. http://www.turkmenavtotransport.gov.tm
  39. http://www.turkmenawtoyollary.gov.tm
  40. http://www.turkmendeniz.gov.tm
  41. http://www.turkmenhali.gov.tm
  42. http://www.turkmenhowayollary.gov.tm
  43. http://www.turkmenistan.gov.tm
  44. http://www.turkmenpagta.gov.tm
  45. http://www.turkmenpost.gov.tm
  46. http://www.turkmentel.gov.tm
  47. http://www.turkmenturkbank.gov.tm

Barlag barada gysgaça düşündiriş

Aslynda has giňişleýin bir barlag geçirmekçidim ýöne wagt azlygy sebäpli häzirlikçe gysgaça maglumat bermek bilen çäklenmeli boldum. Internet dünýäsindäki türkmen dilinde bar bolan maglumatlary jemläp haýsy sözüň köp ulanylýandygyny bilmek isledim. Sebäbi şunuň ýaly maglumatlaryň dilimizi öwrenmek üçin hem peýdasy bolup biler. Munuň iň ýönekeýje mysaly hökmünde Kevin Scannel bilen taýýarlan harpaýjymyzy görkezip bilerin (şu salgyda: http://www.bayjan.com/harplayiji). Mysal üçin "aldym, aldy, aldyk, aldylar" ýaly sözler haçanda bir kişi "Men kitap aldam, emma okamadym ..." diýip ýalňyş ýazyp barýarka harplaýjy oňa duýduryş berýär. Şu ýerde "aldam" diýen sözi ýalňyş diýip, sebäbi harplaýjynyň türkmen sözlüginde bu söz ýok çünki bu söz türkmen dilimizde hem ýok ;) . Başgada beýle söz ýygyndalrynyň ullakan peýdaly bolup biljek ýeri haýsy sözleriň köp ulanylýandygy barda takyk bolmasa-da giňişleýin maglumat berýändigi. Geljekde bu toplan maglumatlarymy ulanyp haýsy sözüň iň köp ulanylýan sözdügine hem seretmekçi.

Maglumatlar

Bu saýtlardan alynyp bilinen jemi HTML sahypalarynyň sany: 24663

Olaryň türkmençe bolanynyň mukdary: <10%

Olaryň başga dillerde (aslynda bularyň hemmesi diýen ýaly rus dilinde) bolanynyň mukdary: >90%

Bu yerden hem görnüşi ýaly döwlet saýtlarynyň köpüsi rus dilinde ýa-da olaryň başlangyç sahypasy rus dilinde, hatda käbir saýtlarda türkmen dilinde hiç hili maglumat hem ýok ýada bar bolanynyň hem çelgisine (link-ine) basanymda ol maglumatlar tapylmady diýilýär. Hakykaty kabul etsek bu biziň dilimize goýýan hormatymyzy görkezýärmikä diýýän, ýöne käsi tehniki näsazlyklar hem bolup biler. Mysal üçin 2 sany web saýtyň türkmen dili maglumatlary bölümleri tapylmandygy üçin bu bölümlere girip bolanok. Bu saýtlaryň gurnaýjylary muny aňsatlyk bilen düzeldip bilerler we ine şonda bu barlagyň netijeleri hem ýokarda belleýşim ýaly asyl maksadyna ýeter.

Bu saýtlarda iň köp gaýtalanýan sözler barada gysgaça maglumat

OrnyGaýtalanma sanySöz
19497we
27816gümrük
34003Türkmenistanyň
43236bilen
52883üçin
62585ýa-da
72516boýunça
82122tarapyndan
91826şu
101815harytlaryň
111538amala
121437bolan
131356laýyklykda
141314harytlar
151285hem
161238madda.
171230Gümrük
181227degişli
191211şeýle
201198taýdan
211174gaýtadan
221121harytlary
231074daşary
241033beýleki
25921alnyp
26917bir
27911ýurt
28900bellenilen
29898ätiýaçlandyryş
30896olaryň
31894Turkmenistanyň
32876döwlet
33871

Bu barlag doly diýen ýaly awtomatiki usulda geçirilendigi üçin netijeleriň 100% dogry bolma ähtimallygyna garaşylmaly däldir. Ýöne ýokarda belleýşim netijeleriň takmynan 70%-80% töweregi dogrulyk paýy bardygyny çak edýärin. Munuň başgada birnäçe sebäpleri bar, mysal üçin şol bir sahypada hem rusça hem-de türkmençe sözler bar bolsa onda bu sahypa ýalňyşlyk bilen ýalňyş dile bellenilip bilinýär.

Bu 47 saýtdan gerekli bolan maglumatlar  2-nji, 3-nji we 4-nji iýun 2011-nji ýylda toplanyldy.


Döwlete degişli bolmadyk web saýtlary barada başga bir blogda ýazmakçy, ýöne olar barada gysgaça maglumatlar bermekçi. Türkmenleriň uly bolan iki sany mikroblog (kiçi blog) web saýtlary barada maglumat ýazmakçy. Ol iki web saýt www.talyplar.com we www.teswirler.com. Häzirlikçe gysgaça maglumatlar şular.

Bu saýtlardan alynyp bilinen jemi HTML sahypalarynyň sany: 68529

Olaryň www.talyplar.com saýtyna degişli sahypa sany: 24694

Olaryň www.teswirler.com saýtyna degişli sahypa sany: 43835

Şu ýerde bellemeli zat www.teswirler.com saýtyndan men hemme sahypany alyp bilmedim, ýöne ýalňyşmasam köp bölegini aldymmykam diýýän. Bu gysgaça maglumatlardan hem görnüşi ýaly, sahypalaryň sany has köp bolany üçin köp gaýtalanýan sözler barada maglumat bermek üçin entäk wagt gerek.