Türkmençe mugt sözlük
Türkmençe online sözlük tapmak gaty ullakan mesele we bar bolanlaryň köpüsinde-de söz az. Onuň üçinem bu saýtda Iňlisçe-Türkmençe sözlügi bilelikde döretmek planym bar. Eger muňa goldaw berjek bar bolsa onda nesip bolsa ýakynda bu saýta agza bolanlaryň özleriniň goşandy bilen täze sözlük çykarmaga rugsat berjek programma ýazmak isleýärin. Bu sözlük soňunda hemme tarapyndan ulanylyp biliner ýaly bolar.
Pikirleriňizi paýlaşyň!