Norwegiýada okuw
Norwegiýa
Norwegiýada okuw barada gürrüň etmezden öň Norwegiýa barada gysgaça maglumatlar bilen tanyşalyň.
Doly ady: Norwegiýa patyşalygy
Ýerleşýän ýeri: Demirgazyk Ýewropada ýerleşýän Şwesiýa, Finlandiýa we Orsýet bilen serhetleşýän döwlet.
Meýdany: 385 müň 252 km2.
Ilaty: 4 milýon 830 müň 86
Paýtagty: Oslo
Dili: Norweg dili we Sámi dili, ýöne halkyň aglabasy Iňlis dilini bilýär.
Ykdysatyýeti: Kişi başyna düşýän ýyllyk girdejisi boýunça dünýäniň iň öňde gelýän döwletleriniň (wikipedia'daky maglumata görä 3-nji orunda) biri bolup durýar.
Ylym
Norwegiýada berilýän bilimiň derejesi gaty ýokary bolup durýar. Şonuň üçin hem 12000-den gowrak talyp daşary ýurtdan gelen talyplar Norweg ýokary okuw mekdeplerinde (jaýlarynda) bilim alýar. Daşary ýurtdan gelip bu ýerde okamak isleýän ýaşlarymyz bu ýerde uniwersitet derejesinden (Bakalawr derejesi) başlap masterlik we doktorlyk ýaly ýokary derejelere çenli okap bilerler. Bu ýurtda okamak üçin döwlet uniwersitetlerine okuw puly hökman däl we uniwersitetleriň aglabasy döwletiňkidir. Elbetde bu gaty begendiriji habar bolsa-da bu ýerde ýaşamak üçin beýleki Ýewropa döwletlerinden köpräk pul harjamaly bolýar.
Haýsy ugurda okamak amatly
Norwegiýada okamak üçin bize amatly bolup biljek ugurlar esasanam şular:
- Nebit-gaz ugry, esasanam Norwegiýanyň deňizastyndan gaty köp nebit alýandygyny nazar alsak bu biziň döwletimiz üçin gaty wajyp ugurdyr.
- Lukmançylyk we bu ugurdakay ylmy gözlegler.
- Habarlaşma we Informasiýa Tehnologiýasy (Kompýuter bilimi, Internet, Telefon we beýlekiler)
- Biotehnologiýa
- Balykçylyk we deňiz baradaky ugurlar. Bu biraz geň hatda käbir kişiler üçin gülkünç görünse-de Türkmenistanda bu ugurda edere gaty iş köpmikä diýýän. Hazar deňziniň ýakasynda nebitden başga-da gaty uly baýlyklar bar.
- Azyk ugry
Ýokary okuw ulgamy
Norwegiýada okuw ýyly Awgustyň ortasyndan Iýunyň ortasyna çenli dowam edýär we uniwersitetlerinde ECTS standardy (European Credit Transfer System) ulanylýar. Bu standardyň oňat tarapy Ýewropanyň beýleki uniwersitetlerinde siziň alan sapagyňyzyň kabul edilmesidir (elbetde sapakdan geçilen ýagdaýynda). Mysal üçin Norwegiýada 2 ýyl okap soň Germaniýa ýada Daniýa okamaga gitmek isleseňiz gaty köp zat ýitirmän öňki okan sapaklaryňyzy täze baran uniwersitetinizde okamaga mejbur dälsiňiz.
Ýokary okuw sistemasy gysgaça şeýleräk:
A) Bakalawr (3 ýyl) + Masterlik derejesi (2 ýyl)
B)Soňunda Masterlik derejesini alyp bolýan okuw programmalary (5 ýyl).
Garaz ýokardaky iksiniň haýsysyny seçeniňizde-de jemi 5 ýyl okamaly bolýar. Masterlik derejesini alanyňyzdan soň ylymlaryň doktory derejesini almak üçin ýene-de 3 ýyl okamaly we ylmy gözleg geçirmeli.
Ýokary okuw jaýlaryna giriş
Ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin ilki bilen özüňize görä bir bölüm seçip şol ugurda haýsy uniwersitetde okap biljegiňizi bolsa uniwersitetleriň salgýlary berilen şu internet sahypasyndan seçiň: http://www.studyinnorway.no/sn/Where-can-I-study/List-of-institutions . Gerekli dokumentler uniwersitetlere her ýylyň 15-nji Ýanwary bilen 15-nji Mart arasy tabşyrylmaly. Gijä galan dokumentler köplenç ýagdaýda kabul edilýän däldir.
Uniwersitetde bakalawr derejesini berýän programmalar (adaty biziň uniwersitetlerde berilýän ýokary bilim) üçin gerekli dokumentler gysgaça şeýle:
- Mekdepi gutarandygyň barada dokument - attestat.
- Norweg dilini bilýändigiňiziň subutnamasy, eger siziň seçen programmaňyzda Norweg dilinde sapak ýok bolsa bu hökman däl.
- Iňlis dilini bilýändigiňiziň subutnamasy: TOEFL synagyndan 500-550 arasy baha (kompýuter synagyndan 170) ýa-da IELTS synagyndan 5.0 (kompýuter synagyndan 6.0) baha gerek.
- Türkmenistanyň raýatlarynyň attestaty Norweg uniwersitetlerine girmek üçin ýeterlik däl şonuň üçin hem goşmaça Türkmenistanyň uniwersitetlerinde 2 ýyl okandygyňyzyň subutnamasy hem gerek. Beýleki döwletler bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlarynyň uniwersitetlere girmek üçin gerekli bolan ylmy aýratynlyklary bu salgyda Iňlis dilinde berilendir: http://www.nokut.no/graphics/NOKUT/Artikkelbibliotek/Utenlandsk_utdannin...
Masterlik we doktorlyk derejeleri üçin bolsa gerekli dokumentler edil beýleki Ýewropa döwletleriniňki ýalydyr (www.bayjan.com salgysynyň Daşary ýurtda okuw bölümine seredip bilersiňiz). Ýagny Masterlik üçin degişli ugurda bakalawr derejesi we Iňlis dilini bilýändigiňiziň subutnamasy. Masterlik derejesini almak isleýän kişiler üçin bu sahypa ilk başlangyç bolup biler: http://www.studyinnorway.no/sn/Masters-course-search Doktorlyk derejesi üçin bolsa degişli ugurda Masterlik derejesi we Iňlis dilini bilýändigiňiziň subutnamasy.
Stipendiýalar
Norweg uniwersitetlerinde okamak üçin birnäçe stipendiýalar bar, ýöne olaryň içinden diňe biri biziň raýatlarymyza degişli bolup onuň ady "Quota Scheme" bolup durýar. Bu stipendiýanyň kömegi bilen her ýyl 1100 kişi Norwegiýada okap biler. Bu 1100-iň 300-i Merkezi we Gundogar Ýewropa we Merkezi Aziýa (Orta Aziýa) döwletlerine aýyrylandyr. Diýeli munuň 100-i Merkezi Aziýa döwletlerine aýyrylandyr diýsek, onda Türkmenistanyň raýatlaryndan hem iň azyndan her ýyl 10 kişi bu stipendiýanyň kömegi bilen Norwegiýada okap biler. Bu stipendiýanyň beýlekilerinden aýratynlgy hem berilen puluň 30%-i kömek we 70%-i bolsa karz hökmünde berilýär. Haçanda uniwersiteti gutaryp yzyňyza Türkmenistana dönmeseňiz onda bu 70%-lik karz puly Norweg döwletine yzyna tölemeli bolýar. Başga döwlede dönseňiz hem bu puly tölemeli bolýar. Okuwy gutaryp Türkmenistanda 1 ýyl galanyňyzdan soň bu stipendiýa berýän gurama Türkmenistanda 1 ýyl galadygyňyz barada arza ýazsaňyz onda bu berilen karz pul siziň adyňyzdan aýyrylyp biler. Bu stipendiýanyň içinde her ýylky öýüňize gidip-geliş puly hem bar we haçan-da okuwy gutaranyňyzdan soň 3 aýyň içinde Türkmenistana dönseňiz onda ol puly hem bu stipendiýany berýän gurama töleýär.
Elbetde bu stipendiýany ulanyp ähli uniwersitetlerde okap bolmasa-da köp uniwersitetlerde okamak mümkin. Onuň üçin ýokarda berilen uniwersitetleriň salgysyndan haýsy uniwersitetde bu stipendiýa bilen okap bolýandygyny uniwersitetleriň internet sahypasyna girip öwrenip bilersiňiz.
Wiza
Norwegiýadan wiza almak üçin gerekli dokumentler gysgaça şeýleräk:
- Şu sahypada berilen formu (anketany) doluduryň we oňa pasport surady hem gereklidir.
- Pasportyň kopiýasy.
- Uniwersitetden kabul edilendigiňiz barada çakylyk haty.
- Okuw plany.
- Norwegiýada galjak ýeriňiz barada subutnama.
- Ýeterlik derejede puluňyzyň barlygynyň subutnamasy. Bu subutnama üçin başga şahyslaryň siziň üçin pul tölejekdigi baradaky dokumentler kabul edilmeýär. Hatda ene-ataňyzyň biziň şunça baýlygymyz bar diýip subut etmesi hem kabul edilmeýär. Diňe Norwegiýanyň bankyna 13000 dollar töweregi (bu her ýyl üýtgäp biler) pul geçirilenden soňra bu subutnama geçerli bolýar.
Iň esasy hem gelen ýurduňyza dönjekdigiňiz barada kepilnama bolmadan bu ýurda wiza alyp bolmaýar.
Wiza işleri üçin Norwegiýanyň ilçihanasyna 180 dollar töweregi pul tölemeli. Norweg ilçihanalary baradaky maglumatlary www.norway.info salgysyndan alyp bilersiňiz. Ol ýerdäki maglumatlar görä Türkmenistanlylaryň talyp wizasy işlerine Norwegiýanyň Orsýetdäki ilçihanasy seredyär. Degişli maglumatlary şu salgydan tapyp bilersiňiz http://www.norvegia.ru/visas/oppholdstillatelser/residencepermit_student... . Ýöne diňe Schengen wizasy üçin Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna gidip bilersiňiz.
Ulanylan çeşmeler
- Wikipedia: www.wikipedia.org
- Study in Norway: http://www.studyinnorway.no/
- Quota Scheme: http://siu.no/en/Programme-overview/Quota-Scheme
- bayjan's blog
- 4502 reads