October 2009

Habarlaşyň

Submitted by bayjan on Fri, 30/10/2009 - 15:43

Bu saýta agza boluň we pikileriňizi paýlaşyň. Teklipleriňizi we tankytlaryňyzy täze sahypalar açyp ol ýerde ýazp bilersiňiz.

Stipendiýa barada maglumat
Stipendiýanyň ady Aziýanyň Ösüş Banky we Ýapon Stipendiýa Programmasynyň stipendiýasy
Haýsy döwlet tarapyndan berilýär Ýaponiýa
Haýsy wagta çenli dokumentleri tabşyryp bolýar Uniwersitede göra tapawutly, aşakda agzalan uniwersitetleriň internet sahypalaryndan giňişleýin maglumatlary öwrenip bilersiňiz.
Haýsy ugurlarda okamak üçin berilýär Ykdysadyýet, dolandyryş, ylym we tehnologiýa we döwletiň ösmesi üçin peýdaly bolup biljek beýleki ugurlar
Her ýyl näçe kişä berilýär 300 kişi töweregi

Stipendiýalar

Submitted by bayjan on Mon, 19/10/2009 - 22:41
StipendiýalarBu sahypada Türkmenistanyň raýatlary üçin berilýän stipendiýalar barada maglumatlar ýerleşdirilendir. Bu stipendiýalar okuw okamak ýa-da ylmy gözleg geçirmek üçin berilýän pul ýa-da hyzmat kömegidir.

Belgýada okuw

Submitted by bayjan on Sun, 11/10/2009 - 22:09

Näme üçin Belgiýa?

  • Her bäş talypdan biri daşary ýurtly
  • Okamak üçin birnäçe halkara derejesinde iňlis dilinde programma bar
  • Alynan ýokary bilim dünýäniň ähli ýerinde kabul edilýär
  • Okuwyň gapdalyndan beýleki Ýewropa döwletleriniň köpüsinde boluşy ýaly işleme mümkinçiligi bar

Polşada okuw

Submitted by bayjan on Wed, 07/10/2009 - 17:46
Näme üçin Polşa?
  • Beýleki ýewropa döwletlerine görä ýaşaýyş arzan bolup ortaça 200-400 ýewro bilen bir aý oňşup bolýar.
  • Okamak üçin 400-den gowrak ýokary okuw jaýy bar we olaryň 100-den gowragynda iňlis dilinde okamak mümkin.
  • Alynan ýokary bilim dünýäniň ähli ýerinde kabul edilýär
  • Okuwyň gapdalyndan beýleki Ýewropa döwletleriniň köpüsinde boluşy ýaly işleme mümkinçiligi bar

Daniýada okuw

Submitted by bayjan on Mon, 05/10/2009 - 16:22
Näme üçin Daniýa?
  • Döwlediň girdejisiniň 8%-i ylym we bilime harjanylýar. Bu hem Daniýany dünýäde girdejisiniň iň köp bölegini ylym we bilime harjaýan döwlet ornunda goýýar.
  • Okamak üçin 130-dan gowrak halkara derejesinde iňlis dilinde programma bar
  • Halkyň aglabasy (80%-i) iňlis dilinde gepläp bilýär.
  • Alynan ýokary bilim dünýäniň ähli ýerinde kabul edilýär
  • Okuwyň gapdalyndan beýleki Ýewropa döwletleriniň köpüsinde boluşy ýaly işleme mümkinçiligi bar