Türkmençe

Litwada okuw

Printer-friendly versionSend to friendPDF version
Ýurduň ady: 
Litwa
Ýerleşýän ýeri: 
Ýewropa
Paýtagty: 
Wilnýus
Meýdany: 
65 müň 200 km 2
Ilaty: 
3 milýon 341 müňden gowrak
Dili: 
Litwan dili
Ykdysatyýeti: 
Kişi başyna düşýän ýyllyk girdeji boýunça Litwany sebitde öňde barýan döwletleriň hataryna goşup bolar. Ýöne ekonmikasy ösen ýurtlaryňka görä pesräk.
Näme üçin bu döwletde okuw?: 
  • Bu ýurt bilen öňki SSSR-iň düzüminde 'doganlyk' respublikalardyk. Onuň üçinem belki käbir kişileriň tanyşlary bu ýurtda ýaşaýan bolup biler.
  • Rus dilinde käbir uniwersitetlerde okama mümkinçiligi.
  • Az hem bolsa käbir ugurlary iňlis dilinde okama mümkinçiligi. Mysal üçin Vytautas Magnus uniwersiteti.
Haýsy ugurlarda okamak amatly: 
  1. Tehnologiýanyň käbir ugurlary: Informatika
  2. Medisina
Ýokary okuw derejeleri: 
  • Uniwersitet (Bakalawr) derejesi: 3-4 ýyl
  • Masterlik derejesi: 1-2 ýyl
  • Doktorlyk derejesi: 3-4 ýyl
Okuw jaýlary barada: 
Okuw ýyly sentýabrdan başlap iýunyň soňuna çenli dowam edýär. Okuw jaýlarynda semestrlik okuw ulgamy ulanylýar. Gyş semestri Sentýabryň 1-inden Ýanwaryň soňuna çenli dowam edýär. Ikinji semestr hem Fewralyň başyndan Iýunyň soňuna çenli dowam edýär.
Ýokary okuw jaýlaryna gerek bolan dokumentler: 
Gerek bolan dokumentler beýleki ýurtlaryňky (seret AngliýaŞwesiýa) ýaly. We her uniwersitet tapawutly dokument isläp biler. Mysal üçin Wilnýus uniwersitetine ady agzalan dokumentlerden başga-da şu dokumenti doldurmak hem gerek.
Okuw üçin ýyllyk pul: 
$4000-6000
Ýaşaýyş üçin ýyllyk pul: 
$1000-2000
Saglyk ätiýaçlandyrmasy: 
Litwada ýaşamak üçin saglyk ätiýaçlandyrmasy gerek we onuň her aýlygy ortaça 30 dollar töweregi.
Stipendiýalar: 
Uniwersitetleriň umumy ýaşayş jaýlarynda galmak mümkin. Esasanam 2-3 kişi bolup ulyrak bir otagda galanyňyzda bahalar has elýeterli bolýar. Ýagny kişi başyna 100 dollar töweregi bolýar.
Wiza: 
Beýleki ýurtlaryň wizasyny almak üçin gerek bolan dokumentler gerekli () Goşmaça maglumatlar üçin http://www.migracija.lt/ salgysyna seredip bilersiňiz.
Ilçihana barada maglumat: 
Litwanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy Türkmenistana hem jogapkär. Azerbaýjandaky ilçinahanyn salgysy:
Suleyman Dadashev köçesi 35, 523 Blok
Baku AZ1001, Baku, Azerbaijan
Phone: +994 12 5117631
Fax: +994 12 5108688
Email: amb.az@urm.lt
Your rating: None Average: 3.5 (2 votes)