Jadyly hekaýa
Bu hekaýany okanymda orta atylan pikirleri makullaman durup bilmedim we belki başgalaryna-da şeýle täsir edip biler diýip ony terjime etdim. Bu hekaýa gaty ir wagtlarda ýazylan we kimiň ýazany hem näbelli. Iňlis dilini bilýänler üçin hekaýanyň soňunda onuň iňlis dilindäki görnüşini hem goýdum. Iňlis dilini bilýänler hekaýanyň diliniň kyndygyny kabul etseler gerek. Ondan başga-da men hem terjimeçi däl onuň üçin hekaýanyň ýalňyş terjime edilen ýeri bar bolsa onda aşakda bellik hökmünde ýazyp bilersiňiz. Hekaýany iň dogry görnüşde we bolşy ýaly terjime etjek boldum ýöne käbir ýerlerde biziň ynanç we pikirlerimize gabat gelmeýän ýerlerini bu saýtda bellik hökmünde bildirip bilersiňiz. Unudylmazlygy gerek bolan ýene bir zat hem bir zady aýtmak ony ýerine ýetirmekden has kyndyr. Onuň üçinem men bu ýerde bellenilen zatlary doly ýerine ýetirmegi başaryp bilmedim we bu-da hekaýanyň terjimesini ep-esli gijä galdyrdy. Çünki öz etmeýänini başgalara maslahat bermek akyllylyk dälmika diýýän. Ýöne etmeýän zatlarymyzy başgalaryna maslahat bermegiň hem kähalatlarda gereklidigine karar berdim we onuň üçinem bu hekaýany terjime etdim we bu ýerde goýdum. Siziň ýagşy niýetleriňiz we dilegleriňiz belki maňa-da täsir edip bu hekaýadan gerekli sapagyny alanlardan biri bolaryn diýip umyt edýärin. Size ullakan üstünlikler arzuw edýärin we gerekli sapagy almagyňyzy dileýärin! Meniň belliklerim şu iki '[' we ']' belginiň arasynda berilendir.
- Show full page
- Login or register to post comments
- 22319 reads