IQ barlaglary diňe zehini däl eýsem höwesi hem barlaýar

Submitted by bayjan on Wed, 27/04/2011 - 09:01
Printer-friendly versionPDF version

IQ barlaglary (zehin ýitiligi barlaglary) diňe zehini däl eýsem höwesi hem barlaýar diýip PNAS ylmy žurnalynda çap edilen makalada bellenilýär. Pennsylvania-ly (Birleşen Ştatlar) alymlaryň netijesine görä ýiti zehin üçin hem höwes hem-de zehin uly rol oýnaýar, emma zehin barlaglaryndaky pes netije üçin bolsa zehin ýa-da höwesiň islendik biriniň azlygy ýeterlikli bolup biler diýilip bellenilýär. Goldawlaryň (ruhy goldawlar-da) hem zehin barlaglarynda ýokary netije almakda uly rol oýnaýandygy bellenilipdir.


Çeşme: IQ tests measure motivation - not just intelligence