December 2009

Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Submitted by bayjan on Thu, 24/12/2009 - 21:00

Täze ýylyňyz gutly mübärek bolsun! Goý bu ýyl düşümli ýyl bolsun!

Angliýada okuw

Submitted by bayjan on Tue, 22/12/2009 - 17:43

Näme üçin Angliýa?

  • Iňlisçe gepleşilýän döwlet, şonuň üçinem Iňlisçe öwrenmek üçin iň amatly döwletlerden biri
  • Iňlisler başga medeniüetlere açyk we olar bilen tiz dostluk gurmak mümkin
  • Ösen demokratik we asuda döwlet
  • Iňlis dilinden başga-da birnäçe ugurlarda okamak mümkin

Haýsy ugurlarda okamak amatly:

  • Iňlis dili
  • Arhitektura (binalaryň gurluşy)
  • Kompýuter we soňky tehnologiýanyň ugurlary
  • Lukmançylyk, biomedisina we biotehnologiýa
  • Halkara gatnaşyklar
  • Ykdysadyýet we maliýe
  • Halkara we şereketler hukugy
  • Agronomçylyk we oba hojalygy ugurlary
  • Syýahatçylyk ugry (turizm)

Submitted by bayjan on Tue, 08/12/2009 - 18:08

Magtymguly, huş eýläp,
Gezgin didäň ýaş eýläp,
Däli köňül joş eýläp,
Ýüz müň hyýaly gözlär.

— Magtymguly Pyragy, "ili gözlär"

Submitted by bayjan on Tue, 08/12/2009 - 18:08

Heňňam uzyn, ömür az,
Çahar pasla başdyr ýaz,
Gökde ganat ýaýan gaz –
Gözleri köli gözlär.

— Magtymguly Pyragy, "ili gözlär"

Submitted by bayjan on Tue, 08/12/2009 - 18:08

Bu jahan bir puştadyr,
Kim zinde, kim küştedir,
Her bende bir işdedir,
Her kim bir haly gözlär.

— Magtymguly Pyragy, "ili gözlär"

Submitted by bayjan on Tue, 08/12/2009 - 18:08

Kim nan tapmaz iýmäge,
Kim ýer tapmaz goýmaga,
Kim don tapmaz geýmäge,
Kim tirme şaly gözlär.

— Magtymguly Pyragy, "ili gözlär"

Submitted by bayjan on Tue, 08/12/2009 - 18:08

Kimlerde altyn täçdir,
Kimler saýyl mätäçdir,
Kimler düýpden gallaçdyr,
Kim parça, haly gözlär.

— Magtymguly Pyragy, "ili gözlär"

Submitted by bayjan on Tue, 08/12/2009 - 18:08

Gökde pelek gerdandyr,
Halk ýerde sergerdandyr,
Ne bazygär jahandyr,
Göz açan maly gözlär.

— Magtymguly Pyragy, "ili gözlär"

Submitted by bayjan on Tue, 08/12/2009 - 18:08

Ilinden aýra düşen
Ah urar, ili gözlär.
Ýolundan aýra düşen
Jäht edip, ýoly gözlär.

— Magtymguly Pyragy, "ili gözlär"

Aýperi

Submitted by bayjan on Mon, 07/12/2009 - 15:23

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda, dünýäniň ýüzünde
ýeke täk bir patyşa bar eken. Bu patyşanyň hem bir ogly, bir aýaly bolup,
başga maşgalasy ýok eken.